Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halkynyň Milli Lideri türk Liderine gutlagyny ýollady

22:2426.02.2023
0
24949

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

— Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi guwandyryjydyr — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatynda belleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşýan goşandy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň