Soňky habarlar

Arhiw

“Rostow” futbol kluby belli türkmen tälimçisi bilen täze şertnama baglaşdy

15:3604.07.2015
0
3279

“Rostow” futbol kluby belli türkmen tälimçisi Gurban Berdiýew bilen täze şertnama baglaşdy – diýip, klubuň resmi saýtynda habar berilýär.             

“Rostow” 29-njy iýunda Belgorodyň golaýynda okuw türgenleşik ýygnanşygyna başlady. Rostowlylar Serbiýada iki hepde bolarlar.Häzirki wagtda toparyň düzümini doldurmak boýunça iş alnyp barylýar.Topar Don boýundaky şähere 13-nji iýulda dolanyp barar we Russiýanyň çempionatynyň 1-nji tapgyrynda Groznynyň “Teregine” garşy boljak oýuna taýýarlygyny şol ýerde dowam etdirer.

“Biz Gurban Berdiýew bilen hyzmatdaşlygymyzyň dowam etjekdigine örän şat we toparyň bu hünärmeniň ýolbaşçylygynda uly üstünlikler  gazanar diýip umyt edýäris” diýip, klubuň resmi saýtynda aýdylýar.

Gurban Berdiýewiň 2014-nji ýylyň 18-nji dekabrynda, möwsümiň “Rostowa” aşaky liga düşmek howpy abanýan döwürleri bu toparyň baş tälimçiligine bellenendigini ýatladýarys. Onuň bilen futbolçylar wajyp duşuşyklaryň birnäçesinde ýeňiş gazanyp, ýurduň esasy diwizionynda galmaga hukuk gazandylar.Täze şertnamanyň nähili möhlete baglaşylandygy habar berilmeýär.

Gurban Berdiýew 2004-2014-nji ýyllar aralygynda “Rubin” futbol klubunyň wise-prezidentiniň wezipesinde işledi. 2001-nji ýylda bu toparyň baş tälimçisi boldy. 2009-njy ýylda RFS-iň (Russiýanyň futbol soýuzy) ugry boýunça Russiýanyň in gowy tälimçisi diýlip yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň