Soňky habarlar

Arhiw

Günorta Koreýanyň Kwanju şäherinde Bütindünýä talyplar oýunlary başlandy

11:4504.07.2015
0
2983

Günorta Koreýanyň Kwanju şäherinde XXVII tomusky Bütindünýä uniwersiadanyň açylyş dabarasy boldy. World Сup stadionynda geçirilen bu çärede Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Pak Kyn He talyplaryň sport ýaryşlarynyň başlanýandygyny mälim etdi.

Bu oýunlara, düzgüne görä, düzümlerinde ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan 17-28 ýaş aralygyndaky türgenler bolan dünýäniň 140-dan gowrak döwletiniň wekiliýetleri gatnaşýar. Türgenler 12 günüň dowamynda sportuň 21 görnüşinde 272 medal ugrunda göreşerler.

Sportuň 13 görnüşi — basketbol, waterpolo, woleýbol, dzýudo, ýeňil atletika, stol tennisi, suwda ýüzmek, suwa bökmek, sport gimnastikasy, tennis, çeper gimnastika, gylyçlaşmak, futbol tomusky Uniwersiadalaryň ählisinde bolup gelýär. Galan görnüşler her Uniwersiadanyň guramaçylyk komiteti tarapyndan hödürlenýär. Kwanjuda Kazanda guralan geçenki Oýunlarda bolmadyk beýsbol, gandbol, golf, peýkamdan ok atmak, şonuň ýaly-da iki ýyl mundan ozal bolan akademiki küreklemek, badminton we ok atmak görnüşleri girizildi.

Uniwersiadadaky 21 görnüşleriň iň "medallysy" ýeňil atletika, suwda ýüzmek we ok atmakdyr. Bu üç görnüşde medallaryň 126-sy ugrunda göreşiler. Şunlukda, sportuň boks, baýdarkada we kanoede küreklemek, kenarýaka woleýbol, sinhron ýüzmek, agyr atletika, otuň üstünde hokkeý ýaly olimpiýa görnüşleri öz uniwersitet derejesini ýitirdiler.

FISU-nyň guramagynda ilkinji tomusky Bütindünýä Uniwersiadada 1959-njy ýylda Italiýanyň Turin şäherinde, gyşky Talyplar oýunlary bolsa bir ýyldan soň Şamonda (Fransiýa) geçirilipdi. 1981-nji ýyldan bäri olaryň ikisi hem bir ýylda guralýar. Şu ýylyň fewralynda gyşky Talyplar oýunlary Ispaniýanyň Granada we Slowakiýanyň Ştrbsk-Pleso we Osrbl şäherlerinde bolup geçdi. Ýaryşlar 2017-nji ýylda Taýbeýde (Taýwan) we Gazagystanyň Alma-ata şäherinde geçiriler. 2019-njy ýylda gyşky Uniwersiadany Krasnoýansk (Russiýa) kabul eder. Tomusky Uniwersiadada — 2019-yň geçiriljek ýeri belli däl:  Braziliýa bu ýaryşy guramakdan ýüz dönderdi.

Koreýa Respublikasy Bütindünýä Uniwersiadany üçünji gezek guraýar. 2003-nji ýylda Teguda tomusky, 1997-nji ýylda bolsa Mujuda gyşky oýunlar geçirilipdi. Ine, indi bolsa tomusky talyplar oýunlaryny Kwanju kabul edýär.

Ýurduň günorta-günbatarynda ýerleşýän bir ýarym million ilaty bolan Kwanju şeýle hukuga 2009-njy ýylyň maýynda eýe bolupdy. Ol şonda Kanadanyň Edmonton şäherinde we Taýbeýden (Taýwan) üstün çykypdy. Şol bir wagtyň özünde bolsa Uniwersiadada — 2013-iň paýtagtynyň saýlawlaryna Kazandan asgyn gelipdi.

Bu Uniwersiadanyň ýaryşlary Kwanjudan başga-da, beýleki käbir şäherlerinde we Çolla-Pukto welaýatlarynda geçiriler.

(Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlary boýunça taýýarlanyldy).            

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň