Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna «ECO port» şahadatnamasy alnar

22:3824.02.2023
0
33288

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabatynyň çäklerinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen işler barada hem habar berdi.

Hususan-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny «ýaşyl» portlaryň hataryna goşmak, oňa «ECO port» şahadatnamasyny almak babatda görülýän çäreler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanyň deňiz ulagy ulgamynyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge, Hazar deňziniň ekologiýa deňagramlylygyny üpjün etmäge we tebigaty goramak babatdaky ähli wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýandygyny belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň