Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýne resmi sapary tamamlandy

23:5822.02.2023
0
18717

22-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow resmi saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Bahreýniň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Aşgabada ugrady.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň uçary Türkmenistana çenli uçuşy amala aşyryp, Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Olar Prezident Serdar Berdimuhamedowy Bahreýn Patyşalygyna resmi saparynyň üstünlikli tamamlanmagy hem-de dostlukly ýurduň ýokary döwlet sylagynyň — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeniniň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýne resmi saparynyň çäklerinde, ýokary derejeli türkmen-bahreýn gepleşikleriniň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy, sebit we halkara derejede parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam edýän döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýändigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa Bahreýn Patyşalygynyň ýokary sylagy — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeni gowşuryldy.

Türkmen döwletiniň Baştutany Bahreýniň Patyşasyny, şeýle-de Mirasdüşer Şazada, Bahreýniň Premýer-ministrini Türkmenistana ýakyn wagtda sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy birek-birege ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň