Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň hukuk we kanunçylyk taýdan kadalaşdyrylyşynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

17:3702.07.2015
0
4021

Paýtagtyň "Ýyldyz" myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda "Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygy kämilleşdirmek" baradaky taslamanyň çäklerinde "tegelek stoluň" başynda duşuşyk geçirildi. Ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi gurady.

Duşuşyk milli parlamentiň, DIM-niň, Ýustisiýa ministrliginiň, Telewideniýe, radioýaýlymlar we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutyň, beýleki edaralaryň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleridir hünärmenlerini bir ýere jemledi.

Halkara bilermenleri Daýnýus Radžýawiçýus (Litwa Respublikasy) we Dmitriý Golowanow (Russiýa Federasiýasy) ýygnananlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň hukuk we kanunçylyk taýdan kadalaşdyrylyşyna degişli halkara ülňüleri we amaly mysallary bilen tanyşdyrdylar. Tematik tanyşdyrylyşyň barşynda häzirki zaman redaksiýalarynyň işiniň esasy ýörelgelerine we ugurlaryna, žurnalistleriň professional işiniň meselelerine we aýratynlyklaryna, habarlar ygtyýar almagyň we umuman, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösdürmegiň meselelerini hukuk taýdan kadalaşdyrmaga garalyp geçildi. Şeýle hem žurnalistleriň işinde Internet torlarynyň tehnologik mümkinçiliklerinden peýdalanmak barada gürrüň edildi.

Ertir, "tegelek stoluň" işiniň ikinji gününde dürli wakalary şöhlelendirmekde, şol sanda internet-köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem žurnalistleriň işiniň esasy jähetlerini, hukuklaryny we borçlaryny ara alyp maslahatlaşmak bellenilýär.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň