Soňky habarlar

Arhiw

Muhadow «Hujand» bilen Özbegistanda geçiriljek ýygnanyşyga gatnaşar

20:4021.02.2023
0
18927

Türkmenistanly futbolçy Süleýman Muhadow «Hujandyň» düzüminde Özbegistanda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşar. Bu barada täjik topary jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly habar berdi.

Täjik topary Özbegistandaky türgenleşikleriniň çäginde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň hem birnäçesini geçirer. Şolaryň ilkinjisi 22-nji fewral güni AGMK bilen bolar.

2019-njy ýylda karýerasyna 4 ýyllyk arakesme beren Süleýman Muhadowyň ýakynda «Hujand» bilen şertnama baglaşandygyny ýatladýarys.

«Hujand» adybir şäherde 1976-njy ýylda döredildi. 1992-nji ýyldan bäri çempionatda yzygiderli çykyş edip gelýän topar taryhynda bäş gezek ýurduň Kubogyna mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň