Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti howanyň aşa gyzmagy bilen baglanyşykly zerur çäreleri görmegi tabşyrdy

10:4302.07.2015
0
1935

Ýurdumyzda şu günler howanyň aşa yssy bolmagy zerur çäreleri görmegi talap edýär. Bu mesele Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 1-nji iýulda bolan mejlisinde-de gozgaldy. Türkmenistanyň Prezidentine berlen hasabatda howanyň gyzmagy bilen yssynyň ilatyň saglygyna ýaramaz täsiriniň öňüni almak boýunça işlenip düzülýän çäreler barada aýdyldy.

Şu günler ýurdumyzyň çar künjeginde dürli keselleriň, şol sanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça lukmançylyk ylymlarynyň we öňdebaryjy tejribäniň esasynda degişli çäreler, ilatyň arasynda düşündiriş işleri geçirilýär. Tomsuň yssy günlerinde çagalar-sagaldyş meýdançalarynda ähli zerur önümleriň üpjün edilmegi, yssydan goranmagyň ugurlary bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, tomus paslynyň häzirki yssy günleri bilen baglylykda çagalar-sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalary ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz tomsuň aýratyn yssy döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän çagalar-sagaldyş merkezlerinde, mekdep meýdançalarynda dynç alýan çagalaryň saglygyny goramak boýunça yzygiderli çäreleri görmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, ugur alynmaly esasy ýörelgeleriň birnäçesine ünsi çekdi. Mysal üçin, yssy günler çagalara köp suw içmek, kadaly iýmitlenmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň işini guramak babatda anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň