Soňky habarlar

Arhiw

Mejlisiň Başlygy Dominikan Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

22:0320.02.2023
0
39494

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Dominikan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elwis Antonio Alam Loradan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan giň gerimli döwletara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gönükdirilen işlerinde oňa üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Dominikan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn görnüşde, ozaly bilen, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýan türkmen-dominikan hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy boýunça düýpli pikir alyşmalar boldy.

Ilçi Bitarap Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ýurtda täze taryhy döwrüň esasy alamatyna öwrülen düýpli özgertmeleriň barşy barada-da diplomata habar berildi. Mejlisiň Başlygy oňa Türkmenistanda özygtyýarly ösüş ýyllarynda ýetilen sepgitler, il-ýurt bähbitli işleriň barşy hakynda hem gürrüň berdi.

Şeýle-de diplomat milli parlamentiň düzümi we alyp barýan işleri, kanun çykaryjylyk ulgamynda geçirilýän düýpli özgertmeler bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda Dominikan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi iki ýurduň milli bähbitleri we özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge meýilleri hasaba alnyp guralýan köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň