Biserhet maslahat beriş işi

20:3330.06.2015
0
12739

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan "Netijelilik" hojalyk jemgyýeti Gabriel Al-Salem adyndaky "Maslahat berijiniň hünärini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin" diýen ugurda birinji orny eýeledi. Baýrak gowşurylyş dabarasy Stambul şäherinde (Türkiýe) geçirilýän "Biserhet maslahatlar" atly dördünji halkara maslahatynyň çäklerinde bolup geçdi.

"Netijelilik" hojalyk jemgyýetiniň maslahatçylary bu abraýly bäsleşige ikinji gezek gatnaşýarlar we şonça gezek hem ýeňiji bolýarlar. Hojalyk jemgyýeti öz ilkinji baýragyna "Ýylyň maslahatçysy" ugrundan 2013-nji ýylda mynasyp bolupdy.

2000-nji ýyldan bäri hereket edýän "Netijelilik" hojalyk jemgyýeti kompaniýanyň ösdürilmegi boýunça uzak möhletli üstünlikli işi üpjün edýän guramaçylyk meseleleriniň çözülmegine ýardam edýär. Jemgyýetiň maslahatçylary öz esasy wezipelerini Türkmenistanyň kärhanalarynyň we guramalarynyň şol sanda kiçi we orta işewürligiň halkara ülňülerine laýyk gelýän ykdysady ösüşine gönükdirilen netijeli işini höweslendirmekde maslahat hyzmatlaryny hödürlemekde görýärler.

— Biz öz işgärlerimize guwanýarys diýip, "Netijelilik" hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjylarynyň biri, dolandyryjy hyzmatdaşy Galina Kalagina gürrüň berýär. — Häzirki wagtda hojalyk jemgyýetimiz Türkmenistanda halkara bilimi bolan professional maslahatçylar toparyna eýedir...

Uly bolmadyk işewürligi dolandyrmagy başarýan kompaniýalaryň ýolbaşçylary uly kompaniýalary aýaga galdyrmakda we dolandyrmakda köplenç halatda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolýarlar. Biz bu kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek berýäris. Dogrymy aýtsam, biziň ýardamymyz bilen kärhanalary üstünlik gazanýan telekeçilere buýsanýarys. Olaryň hatarynda "Uly gaýa" hojalyk jemgyýetini, "Ezber ussa", "Bereketli zaman", "Kaskad", "Täze dünýä" hususy kärhanalaryny, "Awto ýoly" we "Zemmer" hojalyk jemgyýetlerini görkezmek bolar.

Biz kärhanalaryň işgärlerini taýýarlamak we olary dolandyrmak meselelerine örän jogapkärli çemeleşýäris. Bizi ýurtda gowy tanaýarlar we biz "Petronas", "Dragon Oil", "Schlumberger" kompaniýalary, "Zeppelin Türkmenistan", "MTS Turkmenistan", "Täze öý", "Ýüpek ýoly täjirçilik", "Elwaýi", "Polat gurluşyk", "Erdem" hojalyk jemgyýetleri we beýlekiler üçin maslahat beriş işlerini geçirdik.

2007—2014-nji ýyllar aralygynda dolandyryş maslahat beriş taslamalarynyň 36-sy şol sanda Ýewropanyň ösüş bankynyň SBS Maksatnamasynyň gatnaşmagynda 13-si durmuşa geçirildi. Buýrujy kompaniýalaryň işgärler düzüminiň ösüşi üçin 195 korporatiw maslahatlar geçirildi. Marketing maslahatlary, marketing barlaglary we seljermeleri üçin 107 taslama durmuşa geçirildi.

"Netijelilik" hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň iň täze dünýä ülňülerine ýakynlaşmagyna öz goşandyny goşmaga çalyşýar. Mysal üçin, biz Türkmenistanyň ştrih-kodlaşdyrmak boýunça milli guramasyna ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň isleglerinde ştrih-kodlaşdyrmak tehnologiýalarynyň zerurlygyny öwrenmek meselesinde ýardam etdik. Munuň özi Türkmenistana ştrih-kodlaşdyrmak boýunça Halkara assosiasiýasynyň doly hukukly agzasy bolmagyna ygtyýar berýär.

Biz işewürleriň arasynda pikir alyşmalaryň ölçeglerine özboluşlylyk çaýmaga çalyşýarys. 2008—2012-nji ýyllar aralygynda kompaniýalaryň işewür eýeleri we menejerleri bilen "tegelek stollaryň", "Menejment klublaryň" 9-syny geçirdik.

biziň www.mctagency.com korporatiw saýtymyzda (dürli bezeglerde 2006-njy ýyldan bäri hereket edýär) diňe biz öz hyzmatlarymyzy hödürlemän, eýsem, okyjylaryň menejment ugrundan dünýägaraýşyny baýlaşdyrmaga çalyşýarys. 2015-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli biziň saýtymyza girýänleriň sanyny ýörite hasap enjamy 114.060 adam diýip görkezýär.

"Netijelilik" hojalyk jemgyýetiniň maslahatçylary ýerli bazarda şeýle bir tejribe topladylar welin, hatda daşary ýurtly kärdeşleri tarapyndan hem hyzmatdaşlyga çagyrylýar. Germaniýadan, Russiýadan, Özbegistandan, Gazagystandan, Eýrandan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan bolan maslahatçylar bilen bilelikde ýerine ýetirilen taslamalar hem az däl. Ýerli işewürler kompaniýalary bilen iş alyp barmakda biz gelejekde-de maslahat beriş işinde halkara ülňülerinden peýdalanmaga we maslahatçynyň adyna ygrarly bolmaga çalşarys.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň