Şu gün dünýäde ýagşylyk etmegiň güni bellenilýär

11:0617.02.2023
0
32643
Şu gün dünýäde ýagşylyk etmegiň güni bellenilýär
Surat: drugoigorod.ru

17-nji fewralda dünýä ýüzünde ýagşy işleri etmegiň güni bellenilip geçilýär. Bu gün adamlaryň bir-birege tüýs ýürekden, öňünden meýilleşdirmezden jomartlyk bilen ýagşylyk edýän güni hasaplanylýar.

Ýagşylyk gününde şeýle ýagşy işleri etmek bolar:

  • Daşarda gezip ýören it ýa-da pişik ýaly jandarlary naharlamak;
  • Satyn alan zatlaryň bir bölegini ýa-da ony bitewiligine pensiýadaky ýaşuly adama kömek hökmünde bermek;
  • Ýaşuly garyndaşyňa jaň edip, onuň bilen iň bolmanda bir salym telefonda gepleşmek;
  • Dükanda ýüki agyr alyja nobatyňy bermek;
  • Iş ýeriňe nämedir bir tagamly zat getirip, kärdeşleriňe hödür etmek;
  • Eger siz ulagda bolsaňyz, onda ýol ugrunda duran bir nätanyşy gerek ýerine äkidip bilersiňiz (Eger barýan ugruňyz bir bolsa);
  • Ýagyşly howada ulag dolandyranyňyzda ýanýodadan barýan pyýadalara suw syçratmazlyk;
  • Kimdir birine hoş söz aýdyp, göwnüni götermek.

Bu ýagşylyk maksatly hereketleriň islendik birini ýerine ýetirmek üçin size harajat gerek bolmaýar, tersine siz hoşamaý çemeleşmäňiz bilen adamlara ýagşylyk edýärsiňiz, olaryň hakydasynda jomartlyk bilen orun alýarsyňyz.

Eýesiz haýwanlaryň saklanýan ýerleriniň telefon belgileri:

  • (+993 61) 43 80 39 – «Подари мне жизнь» («Maňa ömür bagyş et»);
  • (+993 65) 88 02 10 – «Чистая лапа» («Arassa penje»).
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň