Soňky habarlar

Arhiw

«Panjur Türkmenistan» kompaniýasynyň ýörite «WinBlock» ulgamy çagalaryň aýnadan ýykylmagynyň öňüni almaklygy üpjün edýär

09:3215.02.2023
0
33545
«Panjur Türkmenistan» kompaniýasynyň ýörite «WinBlock» ulgamy çagalaryň aýnadan ýykylmagynyň öňüni almaklygy üpjün edýär
Surat: winblock.ru

Döwrebap aýnalar ýeňil açylýan ýörite tutawaçlar bilen üpjün edilýär, bu bolsa otagda kiçi ýaşly çagalar bolan wagtynda mesele döredip bilýär.

Statistika maglumatlaryna görä, aýnadan köplenç 2-4 ýaşyndaky çagalar ýykylýarlar. Hadysalaryň 30%-de bu ene-atalaryň gözüniň öňünde bolup geçýär. 70%-de çaganyň gözegçiliksiz galan pursatyndan soňra ilkinji 15 minudyň dowamynda bolup geçýär. Şeýle ýykylmalar gynandyryjy netijelere getirip biler. Uly adam hem aýnadan ýykylyp biler, meselem, aýnalary ýuwup durka bu mümkindir.

Türkmenistanda awtomatlaşdyrylan tigirçekli gabsa ulgamlaryny we beýleki önümleri öndüriji öňdebaryjy kompaniýalaryň biri – «Panjur Türkmenistan» kompaniýasy çagalar üçin aýnalaryň howpsuzlygyny artdyrmaga çagyrýar.

Kärhananyň önümleriniň hatarynda özboluşly aýna howpsuzlyk ulgamy – çagalaryň aýnadan ýykylmagynyň öňüni alýan «WinBlock Kids» metal tory bardyr. Stambul tehnika uniwersitetiniň (ITÜ) laboratoriýasynda synagdan geçirilen tor ygtybarly goragy, çagalar üçin howpsuzlygy we ähli maşgala üçin rahatlygy kepillendirýär.

Polatdan ýasalan «WinBlock» tory islendik göwrümli aýnada, şol sanda balkonda gurnalyp bilner. Dogry gurnalanda ol 250 kg çenli agramy saklap bilýär. PWH bilen örtülen metal tanapy pyçak ýa-da gaýçy bilen kesmek mümkin däldir. Emma adatdan daşary ýagdaýlarda ol uly adamlar tarapyndan atagzy bilen kesilip bilner.

Tanaplaryň arasyndaky uzaklyk eliň erkin hereket etmegi üçin ýeterlikdir, bu bolsa penjiräniň gyraky aýnalaryny ýeňillik bilen arassalamaga mümkinçilik berýär, şeýle hem aýna gabsalarynyň ýapylmagyna we açylmagyna päsgel bermeýär.

Mundan başga-da, «WinBlock» daşyndan gurnalýan çybynlara garşy torlar üçin päsgelçilik döretmeýär

«Panjur» kompaniýasynyň rahatlyk üçin niýetlenen beýleki tehnologiýalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz: Aşgabat ş., Parahat 1 (Mir 1), jaý 1A.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Çeşmeler: oknatrade.ru; rg.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň