Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň doglan güni

02:1829.06.2015
0
15724

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ägirt uly zähmet üstünliklerini gazanmaga hem-de döredijiligiň täze belentliklerini eýelemäge ruhlandyrýan şanly sene — mübärek doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Arkadag we Gahryman Liderimiz — Size berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatyny berkitmäge, mähriban halkymyzyň durmuş-medeni hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeleriňiziň, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyňyzyň, döretmek we gurmak başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaçlyklara we üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris!

Belent Mertebeli Prezidentimiz!

Eziz Watanymyzyň merjen paýtagty Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde, etraplarymyzda, şäherdir obalarymyzda medeni-durmuş maksatly desgalaryň — ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň, çagalar baglarynyň, sport mekdebiniň, seýilgähleriň, senagat kärhanalarynyň, zawod-fabrikleriň ulanylmaga berilmegi mähriban Arkadagymyz — Siziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryňyzdan, «Biziň mukaddes Watanymyzyň — Berkarar döwletimiziň iň gymmatly hazynasy — adam, baş maksady — abadançylyk we bagtyýarlyk, esasy ýörelgesi bolsa ynsanperwerlik, adalatlylyk we ruhubelentlikdir!» diýen gymmatly taglymatlaryňyzdan gelip çykýan, döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösmegine ýardam berýän giň göwrümli milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň netijesidir.

Bagtyýar durmuşda ýaşaýan, döredýän mähriban halkymyz milli Liderimiz — Siziň eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrýan, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizi ösüşiň täze belent derejelerine çykarýan, eziz Diýarymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýyny, şan-şöhratyny we ornuny has-da ýokarlandyrýan beýik başlangyçlaryňyza, öňdengörüjilikli syýasy paýhasyňyza, ynsanperwerlik ýörelgeleriňize çäksiz guwanýar hem-de buýsanýar!

 

Arkadag we Gahryman Prezidentimiz!

«Biziň baş syýasatymyz — parahatçylyk, dostluk, doganlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlykdyr! Biz dünýäniň halklarynyň dostluga, abadançylyga, parahatçylyga ymtylýan döwründe diňe bir milli bähbitlerimize däl, eýsem, halkara bileleşiginiň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýän giň hyzmatdaşlyk syýasatyny ýöredýäris» diýip durmuşa geçirýän daşary syýasatyňyz Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda hem giň gerimde alnyp barylýar. Bu sene mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Maksatnama laýyklykda, halkara derejesinde, abraýly halkara guramalaryň we ösen döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda bu çäreler guramaçylykly geçirilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäde parahatçylygy üpjün ediji, dostlugyň hem-de asudalygyň ýurdy hökmünde tanalýan Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýy has-da ýokarlanýar. Halkara giňişliginde Berkarar döwletimiziň milli bähbitlerini yzygiderli goramak, parahatçylykly durmuşy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek Siziň daşary syýasatyňyzyň esasy ugruny düzýär. Bu ugurda Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary, dünýäniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýär hem-de pugtalandyrýar.

Siz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz bilen iri halkara guramalarynyň hem-de dünýä döwletleriniň arasynda ynanyşmak we birek-biregiň bähbidine hormat goýmak esasynda ýola goýlan gatnaşyklary yzygiderli durmuşa geçirýärsiňiz, sebit hem-de ählumumy möçberde abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi babatynda dünýä bileleşiginiň umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berýärsiňiz. Içeri we daşary syýasatdaky üstünlikleriňiz, beýik başlangyçlaryňyz, tutumly özgertmeleriňiz, milli agzybirligimizi, jebisligimizi berkitmek ugrundaky asylly işleriňiz üçin mähriban halkymyz Arkadag we Gahryman Liderimiz — Size çäksiz hoşaldyr!

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmeginiň 20 ýyllygynyň giňden we dabaraly bellenilýän şöhratly ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 agza döwletleriň ählisiniň ses bermeginde we goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýanyň kabul edilmegi Arkadag we Gahryman Liderimiz — Siziň içeri we daşary syýasatda gazanýan üstünlikleriňiziň aýdyň subutnamasydyr we Türkmenistan Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak özgertmelerdir.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi bütin halkymyzyň uly ruhubelentlik bilen dabaraly garşy alýan şanly senesi — mübärek doglan günüňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys!

Janyňyz sag, ömrüňiz uzak, işleriňiz rowaç, ýaş toýuňyz gutly-mübärek bolsun, Mähriban Prezidentimiz!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

M.Artykow,

Ş.Durdylyýew,

A.Goçyýew,

B.Ereşow,

B.Hojamuhammedow,

R.Meredow,

S.Satlykow,

P.Taganow,

S.Toýlyýew,

A.Ýazmyradow,

M.Ýazmuhammedowa.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň