Ruslan Mingazow «Kitçiniň» iň ýyndam futbolçysy boldy

09:0615.02.2023
0
22210

Gonkongyň çempionatynda «Gonkong Reýnjers» bilen boljak duşuşykdan ozal «Kitçi» futbol kluby resmi saýtynda geçen tapgyrda HK U23 topary bilen bolan duşuşygyň statistiki maglumatlaryny paýlaşdy.

Ruslan Mingazowyň wekilçilik edýän toparynyň «ýaşlar» bilen bolan duşuşykda ýeňiş gazanandygyny habar beripdik. 31 ýaşly türkmenistanly ýarym goragçy ýaşynyň uludygyna garamazdan, şol duşuşykdaky 22 futbolçynyň arasynda iň ýokary tizlige eýe boldy.

Resmi saýt onuň duşuşykdaky tizliginiň sagatda 34,8 kilometre ýetendigini habar berdi.

Bu duşuşykda Ruslan Mingazowyň 88-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanandygyny ýatladýarys. Duşuşyk «Kitçiniň» 8:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň