Ýaponiýa Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady

01:3329.06.2015
0
3202

28-nji iýunda türkmen paýtagtynda türkmen-ýapon işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibinde uzakmöhletleýinlik we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan doly möçberli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumyna garaldy.

Bu duşuşyga Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Daýşiro Ýamagiwanyň gatnaşmagy bu duşuşygyň derejesini artdyrdy. Ol Ýaponiýanyň işewürleriniň örän uly wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza geldi. Şol wekiliýetiň düzümine nebitgaz ulgamynda, ulag pudagynda taslama düzmekde we gurluşykda, maliýe ulgamynda we maýa goýumlarynda maglumat – aragatnaşyk tehnologiýalarynda, saglygy goraýyşda we söwdada ýöriteleşen onlarça iri firmalaryň we korporasiýalaryň wekilleri girdiler. Olar “Itocu”, “Marubeni”, “Sojitz”, “Mitsubishi Heavy Industries”, “JOGMEC”, “Chioda”, “Sumitomo”, “JGC”, “Kawasaki Heavy Industries” ýaly köpugurly korporasiýalar, şeýle hem iri söwda assosiasiýalary hem-de ylym we bilimden başlap, enjamlara we maýa goýumlara çenli köpdürli ugurlarda uly hyzmatlary we toplumlaýyn çözgütleri hödürleýän beýleki kompaniýalardyr.

Türkmen tarapyndan maslahatyň işine hökümet agzalary, esasy ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda bütin dünýä meşhur ýapon kompaniýalarynyň birnäçesi üstünlikli işleýär. Olar täze iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirýärler. Ýurdumyzyň senagatynyň ösmegine ýardam berip, netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Nebitgazhimiýa pudagynyň, elektroenergetikanyň, multimodal ulag düzümleriniň okgunly ösüşi işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de Ýaponiýanyň ençeme ugurlarda, ilkinji nobatda, ylma degişli we maýa goýum taýdan özüneçekijilik babatda tejribesini has giňden çekmek üçin ynamly şertleri döredýär.

Daýşiro Ýamagiwanyň belleýşi ýaly, Ýaponiýa baý tebigy serişdelere we ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan, ykdysady görkezijileriniň durnukly ýokary ösüşini görkezýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Şu babatda hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini we ugurlaryny kesgitlemek üçin oňat mümkinçilikleri döredýän ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen toparynyň işine ähmiýetli orun berilýär.

Maslahatyň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi, hususan-da, Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde gurulýan polietilen we polipropilen öndürjek häzirki zaman gazhimiýa toplumy, Ahal welaýatynda Owadandepede benzin öndürjek zawodyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

 “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen baglaşan şertnamasy boýunça “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa) we “Gap Inşaat”   (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumy Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürjek zawodyň gurluşygyna girişdi. Bina edilýän kärhananyň kuwwaty ýylda 1 million 155 müň tonna önüm öndürmekden ybaratdyr.

Energetika babatda Türkmenistany depginli senagatlaşdyrmak, milli ykdysadýetiň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde onuň ähmiýetli ornuny nazarda tutup, hyzmatdaşlyk etmek ara alnyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesi boldy. Ol maslahat “Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Sumitomo korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda” Ähtnama gol çekilmegi bilen tamamlandy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen Ýaponiýanyň daşary söwdany ösdürmek guramasynyň wekilleriniň arasynda Türkmenistanda durmuş harytlary we öýjükli tehnikany ýygnamak boýunça kärhanany açmak boýunça mümkinçilikler  ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň dowamynda  “Sojitz” kompaniýasy Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda fosfor dökünleriniň önümçiligini giňeltmek boýunça taslamalary,  “JGC” hem-de “ITOCHU” korporasiýalary tebigy gazy we nebithimiýany gaýtadan işlemek bilen bagly  taslamalary bilen tanyşdyrdy. Bulardan başga-da, ýapon tarapynyň  gaz ýataklarynda ulanylýan ýörite enjamlary getirmek,  tebigy gazy suwuk ýangyja öwürmek boýunça tehnologiýalary (GTL),  sement zawodynyň gurluşygy we beýlekiler babatda tekliplerine garaldy.  

Duşuşygyň barşynda dostlukly ýurduň işewürleri Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ymtylýandyklaryny nobatdaky gezek tassyklap, ýurdumyzda dürli ugurlarda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalara gatnaşmaga taýýardyklaryny aýtdylar.

Işewür we netijeli ýagdaýda geçen maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we önümçilik kärhanalarynyň wekilleri bilen ýapon kompaniýalarynyň menejerleriniň we hünärmenleriniň arasynda ikitarapldaýyn duşuşyklary geçirildi. Olaryň barşynda bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar anyklaşdyryldy hem-de bilelikde hereket etmegiň meýilanamasyny işläp taýýarlamaga umumy çemeleşmeler ylalaşyldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň