Türkmenistanly dzýudoçy Ýewropanyň açyk Kubogynda bürünç medal eýeledi

16:5313.02.2023
0
30062

Türkmenistanly dzýudoçy Hekim Agamämmedow Bolgariýanyň Sofiýa şäherinde geçirilen Ýewropanyň açyk Kubogynda bürünç medalyň eýesi boldy. Bu barada Halkara Dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýty habar berdi.

24 ýaşly türgen bu üstünligi 66 kilograma çenli agram derejesindäki garşydaşlarynyň arasynda gazandy.

Hekim bürünç medal ugrundaky aýgytlaýjy tutluşykda Beýik Britaniýaly Çarli Ýangy ýeňdi. Ikinji bir bürünç medaly bolsa ermenistanly Artýom Galaçýan eýeledi.

Bu agram derejesindäki final tutluşygy ukrainaly Nikita Goloborodko bilen gazagystanly Gumar Kyrgyzbaýewiň arasynda geçirildi. Tutluşyk ukrainaly dzýudoçynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Hekim Agamämmedow bu ýaryşda medal gazanan ýeke-täk türkmenistanly türgendir. Ýeri gelende aýtsak, Ýewropanyň açyk Kubogyna 43 döwletden 396 türgen gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň