Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri bilen duşuşdy

10:5528.06.2015
0
2931

Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Daýşiro Ýamagiwa bilen duşuşyk geçirdi. Ol Aşgabatda geçiriljek türkmen-ýapon işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň uly wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi.

Duşuşyk ikiçäk görnüşde başlandy. Soňra duşuşyk giňeldilen görnüşde—dowam etdi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumyna garaldy. Hyzmatdaşlygyň geljegi has uly ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk toplumlary, saglygy goraýyş, himiýa senagaty, senagat we beýlekiler görkezildi.

Bu ulgamlarda gatnaşyklary giňeltmek baradaky has jikme-jik gürrüňler öňde boljak işewürlik forumynyň hem-de ýurdumyzyň aýry-aýry ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ýakyn günlerde meýilleşdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň çäklerinde dowam eder.

Taraplar şeýle hem häzir ýapon kompaniýalarynyň gaz pudagyny ösdürmäge has giňden gatnaşmagy üçin hemme mümkinçilikleriň bardygyny düşünmek bilen beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşen Gyýanly şäherçesinde häzirki zaman gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň taslamasynyň eksport-karz agentlikleri tarapyndan maliýeleşdirilýän Ýewropanyň we Ýewraziýanyň 2014-nji ýylyň  iň gowy on taslamalarynyň biri hökmünde ýakynda “TXF” /Beýik Britaniýa/ guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp bolandygy bellenildi. Şol taslamanyň maliýeleşdirilmegine Ýaponiýanyň maliýe-bank düzümleri hem gatnaşýarlar.

Ýapon öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlaryny herekete girizmegiň mümkinçiliklerini nazarda tutup, oba hojalygynda özara gatnaşyk etmegiň geljegi hem aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sebitiň ýurtlarynyň Ýaponiýa bilen hut oba hojalyk ulgamynda has ýygjam hyzmatdaşlygyny ýola goýmagynyň Türkmenistanyň esasy başlangyçlarynyň birine öwrülendigini bellemek gerek.  Türkmenistan 2015-2016-njy ýyllar döwür üçin “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Gatnaşyklarynda başlyklyk ediji döwlet hökmünde saýlanyldy.

Ýapon işewurliginiň elektroenergetika we ulag pudaklarynda täze maýa goýum taslamalaryna, hususan-da, Lebapda täze döwrebap elektrobekedini gurmak hem-de Aşgabat-Awaza ugry boýunça ýokary tizlikli demir ýoluny çekmek boýunça taslamalara gatnaşmaga taýýardygy barada yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk etmek hakynda, şol sanda esasy dünýä bazarlary tarapyndan bar bolan islegleri içgin öwrenmegiň hem-de ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply önümlerini döretmegiň zerurlygy bilen baglylykda, has köp talap bildirilýän ýokary hünär derejeli menejment babatda gelip gowuşýan ähli gyzykly täze tekliplere garamaga we olary düýpli öwrenmäge hemişe taýýardyr. 

Türkmen Lideri gepleşikler tamamlanandan soň, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini kabul etmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli şanly dabaralaryň çäklerinde geçiriljek halkara maslahatyna gatnaşmaga çakylygy gowşurdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň