Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “Engin Group Cansorcium LTD” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

10:1527.06.2015
0
4675

26-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Engin Group Cansorcium LTD” türk kompaniýasynyň başlygy Engin Kaleni kabul etdi. Tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek boýunça täze pagta arassalaýjy kärhanalaryň gurluşygynda baş potratçy bolup durýan konsorsiumyň ýolbaşçysy milletiň Liderini pudagyň nobatdaky desgasynyň açylmagy bilen gutlady we Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin şeýle wajyp taslamalara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin çäksiz hoşallygyny bildirdi.

Gutlag üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belli türk kompaniýasy bilen köp ýyllyk özara bähbitli netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň dokma senagatyny ösdürmek we önümçilik binýadyny kämilleşdirmek boýunça taslamalaryň köpüsi amala aşyryldy.

Jenap Engin Kale bildirilýän ýokary ynam üçin hoşallyk bildirip, öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk-de türkmen Lideri tarapyndan öňe sürlen, Türkmenistanyň gülläp ösmegine gönükdirilen ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmäge öz mynasyp goşandyny goşjakdygyny aýtdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň