Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurlar

22:4510.02.2023
0
50788

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky Karara şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi.

Resminama täze taryhy döwürde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, raýatlaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen netijeli öňüni alyş çärelerini amala aşyrmak, şeýle-de dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş binalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen kabul edildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Aşgabat şäherinde 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «GAP İnşaat Yatırım ve Dış Ticaret A.Ş.» türk kompaniýasy bilen şertnamany merkez üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumy şäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şerti bilen baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň mart aýynda başlamak we Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini 2026-njy ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň