Soňky habarlar

Arhiw

Ogulgerek Berdimuhamedowa Emine Ärdogana telefon arkaly gynanç bildirdi

22:2910.02.2023
0
62932
Ogulgerek Berdimuhamedowa Emine Ärdogana telefon arkaly gynanç bildirdi
Surat: tccb.gov.tr

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ejesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň maşgalasy Emine Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, köp sanly adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken doganlyk türk halkyna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy öz maşgalasynyň, ýagny ýoldaşynyň we oglunyň adyndan, eneleriň we tutuş türkmen halkynyň adyndan, Türkiýede bolup geçen agyr betbagtçylyk zerarly çuňňur gynanjyny beýan edip, Emine Ärdogana we ähli türk halkyna duýgudaşlyk bildirdi hem-de Beýik Biribardan gurban bolanlaryň jaýlarynyň jennet bolmagyny, bu agyr günleriň geçmegini, ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.

Öz ýoldaşynyň, oglunyň hem-de maşgalasynyň adyndan, tutuş türkmen halkynyň adyndan, Türkmenistan tarapyndan doganlyk türk halkyna goşmaça ynsanperwerlik kömeginiň ugradyljakdygyny, şol sanda tebigy betbagtçylygyň netijesinde ejir çeken çagalar üçin gyşky egin-eşikleriň iberiljekdigini aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa şu agyr pursatda şehit bolanlaryň maşgalalaryna we ýakynlaryna türkmen tarapynyň mundan beýläk hem zerur goldawlary bermäge taýýardygyny nygtady.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň maşgalasy Emine Ärdogan türk halkynyň adyndan we hut öz adyndan goldaw hem-de medet beriji sözleri üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we şu agyr pursatda bildirilýän duýgudaşlygyň hem-de berilýän doganlyk kömeginiň türk halkynyň ruhuny götermekde örän ähmiýetlidigini belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna duýgudaşlyk bildirip, ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny, zenanlara, çagalara, tutuş doganlyk türk halkyna parahatçylygy we rowaçlygy dileg etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň