Soňky habarlar

Arhiw

«Real» Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda rekord goýdy

22:3309.02.2023
0
39597

Ispaniýanyň «Real» kluby Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň ýarym finalynda Müsüriň «Al-Ahli» toparyny 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, finala adyny ýazdyrdy. Şeýlelikde, ispan kluby ýaryşda özboluşly rekord goýmagy başardy. Has takygy, 11-nji fewralda oýnaljak final «Real» üçin bu bäsleşikdäki bäşinji finaldyr. Häzire çenli «Realdan» başga hiç bir topar Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda bäş gezek finala çykyp görmedi.

«Real» mundan ozal 2014-nji, 2016-njy, 2017-nji we 2018-nji ýyllarda hem ýaryşyň finalynda meýdança çykyp, olaryň ählisini öz peýdasyna tamamlapdy. Ýeri gelende bellesek, «Real» ýaryşyň kubogyna hem iň köp (4 gezek) mynasyp bolan topar hasaplanylýar. Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda finala çykmakda we çempion bolmakda ikinji orun «Realyň» esasy garşydaşy «Barselona» degişli. Kataloniýalylar bu ýaryşda dört gezek finala çykyp, şolaryň üçüsinde kuboga eýe çykdylar.

Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň bu ýylky finaly 11-nji fewralda oýnalyp, onda «Realyň» garşydaşy Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» topary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň