Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýedäki ýertitremäniň pidalarynyň sany 8574 adama ýetdi

12:0809.02.2023
0
33034
Türkiýedäki ýertitremäniň pidalarynyň sany 8574 adama ýetdi
Surat: belta.by

Türkiýede bolan güýçli ýertitremäniň pidalarynyň sany 8574 adama deň boldy. Bu barada ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan düýn Gahrymanmaraş şäherinde çykyş edende habar berdi diýip, «A Haber» teleýaýlymyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.

Soňky maglumatlara görä, tebigy betbagtçylyk netijesinde 49 müň 133 adamyň ejir çekendigi, 644 binanyň ýykylandygy belli boldy. Türk Lideri bir ýylyň dowamynda ejir çeken etraplaryň dikeldiljekdigini habar berdi we «Biziň maksadymyz ülkeleriň 10-synda bir ýylyň dowamynda köpçülikleýin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak» diýdi.

Ärdogan şeýle-de ýurtdaky myhmanhanalar bilen ýaşaýyş öýüne mätäçlik çekýänleri ýerleşdirmek barada gepleşikleriň alnyp barylýandygyny habar berip: «Biz öz raýatlarymyzy köçeden goýmarys» diýdi. Mundan başga-da ýertitremede ejir çeken maşgalalara 10 müň türk lirasy möçberinde kömek puly berler.

Türkiýäniň Prezidenti ýurduň ýertitremeden has köp ejir çeken etraplaryna saparyny dowam edýär. Ol Gahrymanmaraşdan soňra Pazarjyk etrabyna we Hataý ülkesine barar.

Türkiýä daşary ýurtlardan haýyr-sahawat kömegidir halas edijileriň gelmegi dowam edýär. «MIR 24» habarlar gullugynyň habaryna görä, häzir ýurtda dünýäniň 70-den gowragyndan halas edijiler işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň