Türkmenistan Moskwada owgan meseleleri boýunça bäşinji köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşar

16:0208.02.2023
0
40080
Türkmenistan Moskwada owgan meseleleri boýunça bäşinji köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşar
Surat: wikiway.com

Şu gün, 8-nji fewralda Moskwada Howpsuzlyk Geňeşleriniň sekretarlarynyň we Milli howpsuzlyk geňeşçileriniň owgan meseleleri boýunça bäşinji köptaraplaýyn duşuşygy geçiriler. Oňa Türkmenistan hem gatnaşar diýip, «TASS» habar berdi.

Duşuşykda Owganystandaky ýagdaýy çözmäge ünsi jemläp, halkara howpsuzlygy meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar diýlip, habarda aýdylýar.

Duşuşyga Türkmenistanyň, şeýle hem Russiýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň howpsuzlyk meselelerine jogapkär wekilleriniň gatnaşjakdygy bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, soňky bir ýarym ýylda Moskwada iki gezek Owganystandaky ýagdaý boýunça duşuşyk geçirildi. Duşuşyklarda, esasan, ýurtda parahatçylyk barada göni Owganystan gepleşiklerini ýola goýmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň