Türkmen topragynyň täsinlikleri jahankeşdeleri özüne çekýär

10:4926.06.2015
0
6396

Dünýäniň ençeme ýurtlaryny birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça guralýan syýahatlar has uly gyzyklanma eýedir. 17-nji iýunda mähriban Diýarymyza motosiklçilerden ybarat bolan syýahatçylar topary geldi. Bu motosiklçileriň syýahaty şu ýylyň 30-njy maýynda Belgiýadan (Brýussel) badalga alypdyr. Belgiýadan we Niderlandlardan bolan bu syýahatçylar topary syýahatlaryny Germaniýa, Çehiýa, Slowakiýa, Wengriýa, Rumyniýa, Bolgariýa, Türkiýe, Gürjüstan, Azerbaýjan ýaly ýurtlaryň çäginden dowam edip, biziň ýurdumyza geldiler. Olar birnäçe günüň dowamynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, Balkan we Ahal welaýatlarynyň çägindäki taryhy ýerler, ylaýta-da, Köwata ýerasty köli we beýleki täsinlikler bilen tanyşdylar. Motosiklli syýahatçylar topary 20-nji iýunda merjen şäherimiz Aşgabada geldiler.

— Türkmenistan biziň pikir edişimizden has owadan we gözel eken. Bu ýurda syýahatymyzyň barşynda Mary, Lebap welaýatlarynyň gözel we taryhy ýerlerine barmagy meýilleşdirýäris. Türkmenistanyň üsti bilen Özbegistana, ondan hem Gyrgyz Respublikasy, Hytaý ugurlary boýunça Gimalaý daglaryna çenli syýahatymyz dowam eder. Syýahatymyz umumy 13 müň kilometr ýol uzaklygydyr. Türkmenistanda bizi oňat garşylandyklary hem-de myhmansöýerlik görkezdiler — diýip, syýahatçylar toparynyň ýolbaşçysy, belgiýaly De Brauwer Rik guwanç bilen gürrüň berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň