MP3, PDF we ZIP tehnologiýalaryny oýlap tapan Awraam Lempel aradan çykdy

11:5008.02.2023
0
54918

Maglumatlary gysbylamak tehnologiýasyny oýlap tapan ysraýylly alym Awraam Lemper aradan çykdy, onuň 86 ýaşy bardy diýip, «Yedioth Ahronoth» gazetine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Lempel Lwowda doguldy, soňra Ysraýyla göçdi, Haýfedäki tehnologik institutda okady. 1963-nji ýylda bakalawr, iki ýyldan soňra magistr derejesini aldy. 1967-nji ýylda tehniki ylymlaryň doktory, 1977-nji ýylda professor boldy.

Geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň aýagynda ol ysraýylly matematik Ýaakow Ziw bilen bilelikde maglumatlary ýitgisiz gysmak algoritmlerine bagyşlanan ylmy işleri ýazdy. Olar soňlugy bilen MP3, PDF we ZIP faýl ölçegleriniň esasynda ýatdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň