Soňky habarlar

Arhiw

Fotostudiýa «ms studio» ýazky toý fotosessiýasy üçin 50% arzanladyş teklip edýär

12:2308.02.2023
0
55067
Fotostudiýa «ms studio» ýazky toý fotosessiýasy üçin 50% arzanladyş teklip edýär
Surat: ms studio

Ýaz – ýaş çatynjalar üçin iň gowy görülýän döwürdir. Ýylyň bu pasly Türkmenistanda toý dabaralarynyň iň köp geçirilýän wagtydyr. Toý dabaralarynyň ýatda galyjy pursatlaryny ebedileşdirmek üçin çatynjalar fotosuratçylaryň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar.

«ms studio-nyň» ussat fotosuratçylary amatly bahadan romantik ýa-da toý fotosessiýasyny guramagy teklip edýärler.

Şu ýylyň ýazynda durmuş gurmagy meýilleşdirýän ýigitler we gelinler ýazky toý fotosessiýasy üçin 50% arzanladyş aksiýasyndan peýdalanyp bilerler.

Mundan başga-da, studiýanyň esaslandyryjysy Sergeý Mirzoýewiň ýolbaşçylygyndaky ýokary hünär derejesine eýe fotosurat ussatlary toý suratlary üçin özboluşly teklipleri bererler, şeýle hem siziň iň täsin hyýallaryňyzy durmuşa geçirmäge ýardam ederler.

Müşderilere surata düşürmek işleriniň geçiriljek ýerini özbaşdak saýlamak mümkinçiligi döredilýär, ony diňe bir studiýada däl, eýsem, öýde, tebigatda ýa-da şäheriň gözel ýerlerinde hem geçirmek mümkindir.

Ähli alnan suratlar fotolaboratoriýada ýokary derejede işlener. Sargyt edijiniň islegine görä, faýllary DVD-ä ýazmak mümkinçiligi hem bardyr.

«ms studio» fotostudiýasynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, Bitarap Türkmenistan köç., «Joşgun» söwda merkezi.

Goşmaça maglumat üçin telefonlar: (+993 65) 80 68 85, (+993 12) 72 69 72, (+993 12) 21 82 84.

Elektron poçta: sergei.mirzoev2791@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň