Soňky habarlar

Arhiw

«Guwluduz» kärhanasynda bir aýda 9 müň tonna duz gazylyp alyndy

10:5008.02.2023
0
31617
«Guwluduz» kärhanasynda bir aýda 9 müň tonna duz gazylyp alyndy
Surat: pxhere.com

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlumaýak şäherçesindäki «Guwluduz» kärhanasynda ýanwar aýynda jemi gazylyp alnan duzuň umumy möçberi dokuz müň tonna golaýlady. Munuň özi şu ýylyň ýanwar aýy üçin bellenilen meýilnamanyň 118 göterime barabar berjaý edilendigini görkezýär.

Çig mal gorlarynyň ätiýaçlyk mukdary 40 million tonnadan hem geçýän kärhanada nahar duzuny ýodlaşdyrmak sebitde birinji, tutuş dünýäde bolsa dördünji bolup, ýola goýuldy.

Kärhananyň işçileri önümi ýörite gaplara gaplamak baradaky tabşyrygy 189 göterim amal edip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depginini 117 göterim ýokarlandyrdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň