Soňky habarlar

Arhiw

Lebaply işewürler ýarym million dollardan gowrak senagat önümlerini eksport etdiler

11:1108.02.2023
0
34924
Lebaply işewürler ýarym million dollardan gowrak senagat önümlerini eksport etdiler
Surat: satu.kz

Ýanwar aýynda Türkmenistanyň gündogar sebitinde iş alyp barýan hususy kärhanalar senagat önümleriniň bahasy 680 müň amerikan dollaryna deň bolan möçberini eksporta ugratdylar. Türkmen metbugatynda berilýän habarlara görä, Türkmenistanda öndürilen önümler daşary ýurtlaryň ünsüni çekýär.

Ýanwar aýynda Lebap welaýatynyň hususyýetçileri dünýä bazaryna izogam, suwuk bitum mastikasy, kendir görnüşli watiniň we haltalyk mata ýaly önümleri çykardylar. Bu önümler «Mizemez gadam», «Türkmen ojagy» we «Altyn bürgüt» hususy kärhanalary tarapyndan öndürildi.

Ýeri gelende aýtsak, gündogar sebitiň hususyýetçileriniň 20-ä golaýy senagat önümlerini dünýä bazaryna çykarýar. Hyrydary barha artýan önümlerden her ýyl uly möçberde girdeji girýär. Muny lebaply hususyýetçileriň diňe geçen ýylyň özünde ABŞ-nyň 11 million 200 müň dollaryna golaý möçberdäki senagat harytlaryny eksport edendigi hem tassyklaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň