Soňky habarlar

Arhiw

Sunak Beýik Britaniýada täze dört ministrligiň döredilýändigini habar berdi

10:2508.02.2023
0
28858
Sunak Beýik Britaniýada täze dört ministrligiň döredilýändigini habar berdi
Surat: aa.com.tr

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Rişi Sunak dört sany täze ministrligiň döredilýändigini yglan etdi, bu barada hökümetiň saýtynda habar berilýär diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Habara görä, taze döredilen Biznes we söwda ministrlige Kemi Badenoh ýolbaşçylyk eder, ol ýurdy dolandyryjy Konserwatorlar partiýasynyň wekilidir. Badenoh şeýle hem Söwda boýunça geňeşiň prezidenti hem-de zenanlaryň we deňhukuklylyk işleri boýunça ministriň wezipesini alyp barar.

Täze Biznes we söwda ministrligi energetiki howpsuzlyk bilen meşgullanar.

Şeýle-de Sunak energetiki howpsuzlyk we parnik gazlarynyň howa taşlanmagynyň sazlaşyklylygy meseleleri boýunça döwlet sekretary wezipesine Grant Şappsy belledi.

Mişel Donelan Ylym, innowasiýalar we tehnologiýalar ministrligine ýolbaşçylyk eder, Lýusi Freýzer Medeniýet, habar beriş serişdeleri we sport ministrligine başlyklygyna bellendi.

Sunak hökümet edaralarynyň işini gaýtadan guramagy Premýer-ministriň wezipesinde 100 gün işländen soň geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň