Soňky habarlar

Arhiw

Putin: Russiýa Federasiýasy energoserişdelerini örän bisarpa peýdalanýar

09:1526.06.2015
0
6032

Russiýa Federasiýasy energoserişdelerini peýdalanmak meselesinde ýol berilmesiz bisarpalyk edýär — diýip, Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin belledi.

“Başga mesele — bu tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmaly, ol häli-häzire çenli çözülenok. Biz ýol berilmesiz bisarpalyk edýäris” — diýip, çarşenbe güni ylym we bilim boýunça prezident geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

“Gazyp alýan kompaniýalarymyzyň, senagat kärhanalarymyzyň ýolbaşçylaryndan çykdajylar meýilleşdirilende hem bu meselelere ünslüräk garamagy, serişde tygşytlamagyň meseleleri boýunça iş alyp barýan rus alymlary bilen amaly işleri ýola goýmagy haýyş edýärin” diýip, prezident sözüniň üstüni ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň