Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

22:2607.02.2023
0
40674

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Söhbetdeşligiň barşynda ähli esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler birek-biregi şanly sene — Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen mähirli gutlap, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Geçen ýyllaryň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilendigi hem-de hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara düşünişmek esasynda ähli ugurlarda pugtalandyrylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow öňegidişlige we ösüşe tarap ymtylýan Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Iki ýurduň syýasy ulgamdaky gatnaşyklarynyň ýokary derejesi aýratyn nygtaldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady işlenip düzüldi. Häzirki wagtda ol halkara resminamalaryň 300-e golaýyndan ybaratdyr. Şol resminamalar dürli ugurlary öz içine alýar.

Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işiniň işjeňleşýändigi bellenildi. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça tagallalar utgaşdyrylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, şu gün Özbegistan Respublikasyna muzdsuz suwuklandyrylan gazyň iberilmegi, şeýle-de Türkmenistana Özbegistan Respublikasynda öndürilen «Tiz kömek» ulaglarynyň gelip gowuşmagy taraplaryň hoşniýetli goňşuçylyk we dost-doganlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga çalyşýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr.

Söhbetdeşlikde parlamentara we sebitara gatnaşyklaryň hem yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli ösdürilýän gatnaşyklar barada-da aýdylyp, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, şu ýylyň 3-nji fewralynda Aşgabadyň «Daşkent» medeni-dynç alyş seýilgähinde ýokary derejede geçirilen dabaraly çäräniň ähmiýeti bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, umumy abadançylygyň bähbidine, özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň