Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Maryda oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

22:0707.02.2023
0
38959

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalygy, senagat we gurluşyk toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň we käbir beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmaklarynda ýurduň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Iş saparynyň dowamynda döwlet Baştutany häzirki wagtda Mary welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşdy.

Häzirki wagtda daýhanlar üçin örän jogapkärli möwsüm dowam edýär. Bugdaýa ideg etmek bilen birlikde, gowaça ekiljek ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça sürüm we tekizleme işleri utgaşykly alnyp barylýar. Döwlet Baştutany welaýatda bu ugurdaky işleriň ýerine ýetirilişi bilen ýakyndan tanyşdy.

Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň çäginden akyp geçýän Garagum derýasynyň kenarlaryny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Häzirki wagtda derýada kadaly suw akymyny almak boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilip, kuwwatly tehnikalar netijeli işledilýär. Suw hojalygy pudagyna ekologiýa ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy usullar we innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Döwlet Baştutany möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi bilen tanyşlykdan soňra, welaýata iş saparyny tamamlap, Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi we ol ýerden Aşgabada ugrady.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň