Soňky habarlar

Arhiw

Los-Anjelesde «Gremmi» baýraklary gowşuryldy

11:4307.02.2023
0
31963
Los-Anjelesde «Gremmi» baýraklary gowşuryldy
Surat: grammy.com

Düýn Los-Anjelesde «Gremmi» aýdym-saz baýraklarynyň gowşurylyşy boldy. Ýylyň iň oňat aýdymy ugry boýunça baýrak amerikan blýuz ýerine ýetirijisi Bonni Raýta «Just Like That» kompozisiýasy üçin gowşuryldy.

«Ýylyň ýazgysy» diýen baýraga aýdymçy gyz Lizzo «About Damn Time» aýdymy üçin mynasyp görüldi.

«Iň oňat albom» baýragyna ýerine ýetiriji Garri Staýls, «Iň oňat täze ýerine ýetiriji» baýragyna 23 ýaşly jaz wokalisti Samara Joý eýe boldy.

Aýdymçy zenan Beýonse baýragyň taryhynda iň köp ýeňiji diýlip yglan edildi, ol bu gezekki gowşurylyşdan soňra 32 sany baýragyň eýesi hökmünde ykrar edildi. Bu ýyl ol dört baýragy: «Break My Soul» tregi üçin «Iň oňat tans/elektron ýazgy», «R&B stilindäki iň oňat ýerine ýetiriş» (Plastic Off the Sofa), «Iň oňat tans/elektron saz albomy» (Renaissance) we «R&B stilinde iň oňat aýdym» (CUFF IT) aldy.

«Gremmi» baýragynyň 65-nji gowşurylyşy düýn Los-Anjelesiň «Crypto.com Arena» stadionynda geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň