Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystanynyň Ilçihanasy türkmenistanly ýolagçylara tranzit wizasyny bermegiň mümkinçilikleri barada habar berdi

11:2307.02.2023
0
53713

Saud Arabystanyndan üçünji ýurda geçýän türkmenistanly ýolagçylar 96 sagatlyk elektron tranzit wizasyny alyp bilerler. Bu barada Saud Arabystanynyň Aşgabatdaky ilçihanasy Twitterde habar berdi.

Saud Arabystany «Saudia» we «Flynas» awiakompaniýalary bilen bilelikde syýahatçylar üçin bu ýurtda 4 gün galmaga mümkinçilik berýän tranzit wizalaryny hödürledi.

Bu wiza syýahatçylara patyşalygyň esasy gözel ýerlerine baryp görmäge, şeýle hem dini zyýaratlary berjaý etmäge mümkinçilik berýär.

Petek satyn alynanda ýolagçylara wiza almak üçin ýüz tutular. Munuň üçin goşmaça Daşary işler ministrliginiň web sahypasyna girmeli bolmaz. Şeýle wizalar mugt berler.

Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasynda häzirki wagtda göni howa gatnawynyň ýoklugy sebäpli, bu ýurda Türkiýe ýa-da BAE arkaly barmaly bolýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň raýatlaryna Saud Arabystanyna barmak üçin konsullyk edaralaryndan syýahatçylyk we beýleki maksatlar üçin berilýän wiza gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň