Soňky habarlar

Arhiw

Tejen etrabynda «Ösüşiň çägi» taslamasy durmuşa geçirilýär

11:0407.02.2023
0
35381

«Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda «Ösüşiň çägi» atly taslamany durmuşa geçirýär.

BMGÖM bilen ÝB-niň ««Aziýada zorlukly ekstremizme garşy durnuklylygy güýçlendirmek» (STRIVE Asia) maksatnamasynyň çäginde durmuşa geçirilýän bu taslama ýaşlaryň başlangyçlaryna goldaw bermek arkaly ýerli jemgyýetleriň durnuklylygyny ýokarlandyrmagy, hususan-da ýaşlaryň durmuş taýdan möhüm meseleleri çözmäge işjeň gatnaşmak başarnyklaryny ösdürmegi maksat edinýär.

Taslama 14 ýaşdan 30 ýaş aralygyndaky öňbaşçy oglan-gyzlaryň 40 sanysy gatnaşýar. Taslamanyň çäklerinde olar üçin inklýuziwlik we gender deňligi ýörelgelerini hem nazara almak bilen, ahlak ýörelgelerini, aň-düşünje we emosional ösüşi emele getirmek bilen bagly meýletinçilik endiklerini ele almak boýunça treningler geçirilýär.

Trening tamamlanandan soňra Tejen etrabynda maglumat çäresini geçirmek meýilleşdirilýär. Onda treninge gatnaşan ýaşlar alan bilimlerini we öwrenen zatlaryny deň-duşlary bilen paýlaşarlar we ýaşlaryň başlangyçlary bilen tanyşdyrarlar.

«Ösüşiň çägi» taslamasy Tejen etrabynyň ýaşlaryna goldaw bermek üçin şertleri döretmäge kömek eder diýlip garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň