Soňky habarlar

Arhiw

Balykly işdäaçar Russiýada iň ýaramaz tagam diýlip yglan edildi

10:3207.02.2023
0
27181
Balykly işdäaçar Russiýada iň ýaramaz tagam diýlip yglan edildi
Surat: life.ru

Dürli ýurtlaryň däp bolan naharlary boýunça ýolgörkeziji «TasteAtlas» gastronomiki kitapça dünýäde iň şowsuz tagamlaryň 100-lüginiň sanawyny resmi saýtynda çap etdi.

Olaryň arasynda däp bolup gelýän ýakut aşhanasynyň balykly işdäaçary dünýäde iň ýaramaz tagam diýlip bellendi, ol iň pes baha (5-den 1,4 ) mynasyp boldy. Işdäaçaryň düzümine doň balyk, sogan, günebakar ýagy, duz we burç girýär. Bu sanawa şeýle-de kisel, çalçorba (okroşka), mimoza we dürli görnüşli şüleler girdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Öň russiýaly lukman Ilin oliwýeniň saglyk üçin iň zyýanly işdäaçardygyny habar beripdi. Onuň sözlerine görä, onda bir-birine düýbünden gabat gelmeýän önümler bar, bu bolsa organizmiň özleşdirmegi üçin kynçylyk döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň