Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystany martda nebitiň bahasyny gymmatlatmakçy

09:3007.02.2023
0
24635
Saud Arabystany martda nebitiň bahasyny gymmatlatmakçy
Surat: google.com

Saud Arabystany öňdäki mart aýynda ähli sebitlerden bolan müşderiler üçin nebitiň nyrhyny gymmatlatmakçy diýip, «Saudi Aramco» döwlet kompaniýasy habar berdi. Bu barada «Interfax.ru» ýazýar.

Nebitiň bahasy esasan-da ýewropaly müşderiler üçin gymmatlar, ähli sortdan bolan nebitiň barreliniň bahasy 2 dollar gymmatlar.

ABŞ-dan satyn alyjylar üçin «gara altynyň» bahasy geljek aýda barrel üçin 0,3 dollar gymmatlar. Diňe «ýeňil» nebit görnüşiniň nyrhy üýtgewsizligine galar.

Aziýaly müşderiler üçin nebit bir barrel üçin 0,2-0,6 dollar gymmatlar. Diňe «Arab Extra Light» görnüşli «gara altynyň» bahasy 1,3 dollar arzanlap, Oman/ Dubaý nebit sebedinden bir barrel üçin 2,25 dollar gymmat bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň