Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýdaky auksion öýi liliýanyň we orhideýanyň seýrek görnüşlerini satýar

17:3906.02.2023
0
34434
Hytaýdaky auksion öýi liliýanyň we orhideýanyň seýrek görnüşlerini satýar
Surat: divo-dacha.ru

Hytaýyň Haýnan ülkesindäki tropiki güllerine ýöriteleşen söwda-satyg öýi Şri-Lankadan suw liliýalaryny (sogangül) getirmekçi bolýar diýip, TASS habarlar gullugy ýerli habar beriş serişdelerine salgylanyp ýazýar.

Şri-Lankanyň döwlet güli bolan liliýalardan başga-da söwda öýi beýleki seýrek gülleriň satuwy bilen hem meşgullanmakçy, olaryň arasynda dendrobium, ýagny lukmançylykda-da uly lslege eýe bolan orhideýalar bar.

«Sri Lanka Baishengwei» kompaniýasynyň başlygy Wan Pu kärhananyň suw liliýasynyň 25 görnüşini ösdürip ýetişdirýändigini gürrüň berdi, olar dürli reňkli sortlardyr. Kompaniýa Hytaýyň ady tutulan söwda meýdançasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekçi.

Haýnanyň söwda-satyg öýi ýanwaryň ortalarynda açyldy, ol seýrek duşýan gülleriň söwdasyndan başga-da jahankeşdelik bilen meşgullanýar diýip, «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň