Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenabat — Farap awtomobil we demir ýol köprüleriniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

17:5425.06.2015
0
6020

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenabat — Farap täze awtomobil we demir ýol köprüleriniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.

Milletiň Lideri, şeýle hem görkezilen çyzgylar we diwarlyklar bilen tanyşdy. Olarda bu täze desgalaryň esasy tehniki häsiýetnamalary beýan edilipdir, olarda Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň  özboluşly ganatlary şekillendirilipdir. Bu desgalaryň gurluşygy Ukrainanyň “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň hünärmenlerine ynanyldy. Bu kompaniýa 2013-nji ýylyň fewral aýynda ulanmaga berlen Atamyrat – Kerkiçi awtomobil köprüsiniň hem baş potratçysy bolup durýar.

Desgalardaky işleriň barşy barada hasabat berip, şol sanda awtomobil köprüsiniň takyklanan meýilnamasyny hödürläp, Aleksandr Tislenko – Ukrainanyň düzümine “Altkom” ýol gurluşygy” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet girýän “Altkom” maliýe-senagat topary”  jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň direktorlar geňeşiniň başlygy ähli esasy ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy barada aýdyp, işewürligi alyp barmak üçin hemme şertler döredilen geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga tüýs ýürekden gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow  Türkmenistanyň Ukrainanyň kompaniýalary bilen köpýyllyk we üstünlikli iş alyp barýan hyzmatdaşlygyny belläp, ýurdumyzyň ukrain hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli iri taslamalar, hususan-da, Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk düzümi babatda taslamalar durmuşa geçirilende özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Häzirki wagtda Amyderýanyň üstünden gurulýan Türkmenabat-Farap täze ulag geçelgesi iki çylşyrymly inženerçilik desgasyndan – uzynlygy 1750 metr bolan demir ýol köprüsinden we uzynlygy 1600 metre, gatnaw ýolunyň ini 21,5 metre deň bolan awtomobil köprüsinden ybaratdyr. Köprüleriň ganatlarynyň beýikligi olaryň aşagyndan derýa gämileriniň bökdençsiz geçip bilmegine mümkinçilik berer. Şunda amala aşyrylýan tehniki çözgütlerde ýurdumyzyň çägindäki howa we geologiki şertler göz öňünde tutulýar. Gurulýan köprüleriň düýbi 2013-nji ýylyň fewralynda tutulypdy.

Amyderýanyň üstünden geçýän bu täze ulag geçelgesi ulag-aragatnaşyklarynyň halkara ulgamynyň “altyn halkasyna” öwrülmegine gönükdirilendir we jeýhunyň sag kenaryndaky mineral-çig mal resurslaryny özleşdirmekde uly ähmiýete eýe bolar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň