Soňky habarlar

Arhiw

Kianu Riwz kiçeňräk garbanyşhana bardy

16:2306.02.2023
0
35598
Kianu Riwz kiçeňräk garbanyşhana bardy
Surat: gazeta.ru

«Matrisa» we «Jon Uik» filmlerinde baş keşbi döreden meşhur aktýor Kianu Riwz Britaniýanyň Hartfordşir graflygyndaky ülke garbanyşhanalaryň birine bardy. Bu kiçeňräk garbanyşhananyň işgärleri üçin garaşylmadyk waka boldy. Bu barada ol ýerde işleýän Lora Rolf «Metro.co.uk.» saýtyna gürrüň berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

«Gapy açyldy-da, hakyt ol girdi!» diýip, aşpes gyz haýran galmak bilen gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, Riwz bara geldi we içer ýaly zat, gowrulan ýeralma hem-de iňlis çopan işleklisini sargap, bir burça geçip oturdy. «Onuň ýanynda ýene biri bardy, mümkin, dostudyr ýa-da sürüjisidir» diýip, Lora gürrüňini dowam etdi.

Garbanyp bolandan soňra, aktýor aşhana baryp, nahar üçin aşpezlere hoşallyk bildirdi.

«Aşpezleriň biri-hä asla garaşmansoň, tas özünden gidipdi» diýip, aşpez gyz gülüp gürrüň berýär.

Kianu Riwz gitmezden öň garbanyşhananyň işgärleri bilen ýadygärlik surata düşdi diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň