Azerbaýjanyň Prezidenti söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkiýe we Türkmenistan bilen degişli ylalaşyga gol çekdi

15:0206.02.2023
0
53102

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Alyýew Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşygy tassyklamak baraky şertnama gol çekdi. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat gullugyna salgylanyp, «Sputnik» habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Azerbaýjanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Azerbaýjanyň Maliýe ministrligi bu ylalaşykdan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli işleri alyp barar.

«Respublikanyň Daşary işler ministrligine bu ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi üçin Azerbaýjan tarapyndan degişli işleriň alnyp barylyşy barada Türkiýä we Türkmenistana habar bermek tabşyryldy» diýlip, habarda bellenilýär.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky ylalaşyga 2022-nji ýylyň 14-nji fewralynda gol çekilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň