Soňky habarlar

Arhiw

Ermenistanyň Premýer-ministri Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde ykrar edilmegi bilen gutlady

13:1706.02.2023
0
42654

Habar berşimiz ýaly, şu günler daşary ýurt döwlet ýolbaşçylaryndan, syýasatçylardan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Hatlary iberýänler halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edýärler we berk jan saglyk, uzak ömür, rowaçlyk, täze jogapkärli işinde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärler.

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen gutlag hatynda şeýle diýilýär:

«Sizi türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz hem-de halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde Türkmenistanyň durnukly ösüşine hem-de rowaçlygyna geljekde-de uly goşant goşjakdygyňyza ynanýaryn.

Siziň bilen geçiren duşuşyklarymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn, olaryň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň täze ugurlary kesgitlenildi.

Bilelikdäki tagallalar esasynda ermeni-türkmen syýasy gatnaşyklaryny, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygymyza hem-de biziň halklarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryň taryhy sahypalaryny täze üstünlikler bilen baýlaşdyrjakdygymyza ynanýaryn.

Size berk jan saglyk we uly üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin»

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň