Serbiýada birmeňzeş atly we familiýaly adamlaryň 256-sy Ginnesiň kitabyna girdi

11:1206.02.2023
0
31708
Serbiýada birmeňzeş atly we familiýaly adamlaryň 256-sy Ginnesiň kitabyna girdi
Surat: zerkalo.az

Serbiýada birmeňzeş at-familiýaly adamlaryň 256-synyň bir ýerde jemlenmegi Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan hasaba alyndy. Bu barada «Gazeta.ru» habar berdi diýip, «Trend» ýazýar.

Milisa Ýowanowiç diýen atly adamlaryň 256 sanysyny bir ýere jemlemek çäresine guraýjylara rekordlar kitaby tarapyndan degişli güwänama we Ýowanowiçleriň her birine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Öň bu ugurdaky rekord Tokioda hasaba alnypdy, ol ýerde kinoteatrlaryň birine Hirokadzu Tanaka diýen adamlaryň 178 sanysy ýygnandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň