Soňky habarlar

Arhiw

Pakistanyň öňki Prezidenti Perwez Muşarraf aradan çykdy

10:1106.02.2023
0
23322
Pakistanyň öňki Prezidenti Perwez Muşarraf aradan çykdy
Surat: sb.by

Pakistanyň öňki Prezidenti Perwez Muşarraf Dubaýda uzaga çeken keselden soň 79 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada «Associated Press» habarlar gullugyna salgylanýan «Interfax.ru» ýazýar.

Muşarraf 1943-nji ýylda doguldy. Harby akademiýany tamamlady. Ýurduň Ýaragly güýçlerinde dürli wezipelerde işledi, Pakistanyň gury ýer goşunlarynyň ştabynyň başlygy boldy.

1999-njy ýylda Muşarraf hökümet başlygy boldy, soňra 2001-2008-nji ýyllar aralygynda Prezidentiň wezipesinde işledi. 2008-nji ýylda meýletin iş başyndan gitdi.

Muşarraf birnäçe ýyl daşary ýurtda ýaşady, 2013-nji ýylda syýasata dolanmakçy boldy, emma döwlete dönüklikde hem-de öňki premýer-ministr Benazi Bhuttonyň janyna kast etmekde aýyplanyp, saklandy we öý tussagy edildi. 2016-njy ýylda oňa BAE saglygy bejertmäge gitmäge rugsat berildi. Ol häzirki döwre çenli Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň