Sadyr Žaparow Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlady

20:4804.02.2023
0
36095

Habar berişimiz ýaly, şu günler daşary ýurt döwlet ýolbaşçylaryndan, syýasatçylardan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Hatlary iberýänler halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edýärler we berk jan saglyk, uzak ömür, rowaçlyk, täze jogapkärli işinde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärler.

Şeýle mazmundaky hat Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowdan hem gelip gowuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowdan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gelen gutlag hatynda:

— 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde Siziň türkmen halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryňyz hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň, halkyň agzybirliginiň pugtalandyrylmagyna, ýurduňyzyň durnukly ösüşi üçin berk binýadyň döredilmegine goşan bimöçber goşandyňyz ykrar edildi.

Gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň däp bolan köpasyrlyk dostluk, hyzmatdaşlyk, şeýle hem iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän özara goldaw bermek ýörelgeleri bilen häsiýetlenýändigini uly kanagatlanma bilen belleýärin. Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, özara bähbitli, strategik hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek ugrunda mundan beýläk-de tagallalarymyzy dowam etdirjekdigimize berk ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin! — diýlip nygtalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň