Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda täze “Baýdak” meýdançasy döredildi

10:5325.06.2015
0
14067

Lebap welaýatynyň merkezinde “Baýdak” meýdançasynyň hem-de onda ýerleşdirilen belent baýdak sütüniniň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň owazy astynda ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, hormatly ýaşulularyň, Medeniýet hepdeligine köpsanly gatnaşyjylaryň we şäheriň ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň mukaddes ýaşyl Tugy 100 metrlik belentlige galdyryldy.

Sütüniň etegine Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp gül çemeni goýuldy.

Baýdak sütüni ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýasy tarapyndan bina edildi.

600 kwadrat metr ölçegdäki (30x20) Baýdak ýörite matadan taýýarlanyldy. Ol gurlanda Garaşsyz Watanymyzyň mukaddes tugunyň islendik howa şertlerinde şäheriň üstünde buýsanç bilen parlamagyna mümkinçilik berýän tehniki aýratynlyklar göz öňünde tutuldy. Mundan beýläk  “Baýdak” meýdançasy köpsanly dabaralaryň we medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň