Türkmen-gazak wekiliýetiniň duşuşygy birža pudagyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlandy

20:0704.02.2023
0
28741

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň merkezi binasynda Gazagystan Respublikasynyň “Astana” Halkara maliýe merkeziniň baş direktory Aýdar Kazybaýewiň gatnaşmagynda ýerli biržanyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda TDHÇB-niň wekili Serdar Berdiýew çykyş edip, biržanyň işi we birža söwdalary barada belledi. Ýerli wekil bu babatda hyzmatdaşlary birža söwdalarynda satylýan önümleriň görnüşleri, dellallyk ýerleri satyn almagyň mümkinçilikleri hem-de nyrhnamalaryň görnüşleri bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen birlikde, gazak wekiliýetine biržada bellige alynmaga degişli şertnamalaryň görnüşleri hem gysgaça beýan edildi.

“Astana” Halkara maliýe merkeziniň baş direktory öz gezeginde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, merkeziň iş tejribesi dogrusynda nygtap, türkmen wekiliýeti bilen hyzmatdaşlyk etmegiň giň şertleri açýandygyna ähmiýet berdi. Birža bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň çygryny giňeltmek maksady bilen, myhman türkmen wekillerini Gazagystan Respublikasyna çagyrdy.

Duşuşygyň maksady degişli pudakda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara bähbitli ugurlaryny açmak we ony ösdürmek bolup, aýratyn-da TDHÇB-niň söwdalary we Aýdar Kazybaýewiň alyp barýan işleri bilen dostlukly halklaryň wekillerini giňişleýin tanyş etmekden ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň