Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi web saýty dörediler

22:2904.02.2023
0
42319

Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Arkadag şäherinde geçiren iş maslahatynyň barşynda aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öz internet saýtynyň döredilmelidigi barada aýdyp, saýtda Halk Maslahaty, onuň alyp barýan işleri we bu ugurdaky täzelikler baradaky maglumatlaryň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary K.Çaryýardurdyýewe bu ugurdaky işleri döwrebap guramagy we utgaşykly alyp barmagy tabşyrdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça metbugat wekili wezipesiniň «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory Azat Jepbarowyň üstüne ýüklenilýändigini belläp, oňa bu işleri alyp barmak babatda birnäçe maslahatlary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň