Tehnologiýalar merkezinde binagärlik-taslama döredijilik sergisi geçiriler

14:2004.02.2023
0
36045

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçy ýaşlarynyň (ýaş mugallymlarynyň), orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, şeýle hem ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärligiň ösüşi» atly binagärlik-taslama döredijilik sergisi geçirilýär.

Binagärlik-taslama döredijilik sergisi Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň guramaklarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň edara binasynda geçirilýär.

11-nji martda geçiriljek «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärligiň ösüşi» atly binagärlik-taslama döredijilik sergisiniň düzgünnamasyny tdbgi.edu.tm web sahypasyndan görüp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň