2022-nji ýylda Lebap welaýatynda 19 müň tonna golaý buýan köki taýýarlandy

13:3704.02.2023
0
47711

2022-nji ýylyň dowamynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Buýan» obasenagat kärhanasynda 19 müň tonna golaý çig görnüşindäki buýan köki taýýarlandy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web-saýtynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli bolan kärhanada 2022-nji ýylyň dowamynda buýan köküniň arassalanylyp baglanan önüminiň 2 müň 963 tonnasy taýýarlandy.

«Buýan» obasenagat kärhanasynda öndürilýän önümlere dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Aýratyn hem bu ýerde öndürilýän önümler Hytaý, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Serbiýa ýaly birnäçe döwletlere eksport edilýär.

Bilşimiz ýaly, buýan köki gadymyýetden bäri halk lukmançylygynda, şeýle-de häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynda bejeriji serişde hökmünde, şol sanda konditer önümçiliginde hem giňden ulanylýar.

Belläp geçsek. 2021-nji ýylda «Buýan» obasenagat kärhanasynda jemi 17,5 tonna golaý önüm öndürildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň